My Personal Weblog |
Säher dogasy
Başym egsem, başym keser nälaýyk,
dyza çöksem, beter öser nälaýyk,
hem ilimi ýere sokar galmazlap,
millet gezmeli bor boýnuny sallap,
egnini dikletmez duşmany onuñ,
içinden iýer ýör puşmany onuñ,
dert aýdyp ýalbarsam eseler pesler,
sözüme, söhbete düşünmez mesler,
emel ýeten alyp ylgar taýagy,
kelle ýerne mäkäm işlär aýagy,
garny işlär paýhasynyñ deregne,
şu bor ahyr iliñ ýetjek süregne...
Şu bor ili ýykjak, el-aman, Tañrym,
sen meñ ýeke-tägim, diregim, añrym,
hak-huda, il depdirmäge ýol berme,
pese, lüýge çekdirmäge ýol berme,
çökerme, maýyrma ilimi meniñ,
omurma, jomurma bilimi meniñ!
Idin berme tire-taýpa jeñine,
türkmen bolan galsyn millet deñine,
jübüsinden çyksyn jübä gaçan han,
eýilik az, dag dogursa syçan jan,
kürsi keselliler gutulsyn dertden,
topuny, tankyny sowsun-da mertden,
namartdan göndersin näleti hemme,
teke-ýomut galsyn milletiñ deñne,
çüpüräp, göýdügip, dargamasyn il,
ownuklyk il üçin dagdan inen sil,
sil gazan jarlar deý köwülip içi,
ýykylmasyn millet, uly hem kiçi!
Dogry, durmuş göreş, jeñ bolar mydam,
dogrusyny aýdan geñ bolar mydam,
emmaki hiç deñ bolmaz göýdükdir dana,
dogry galyp, egri geçmeldäl
tersine bolanda peseler daglar,
boýun alabilmez, göýdüger baglar,
şor alar türkmeniñ ak takyrlaryn,
ar alar ilimiñ hak batyrlaryn...
Dogry, jedel bolar, bolar göreşip,
emma derejesi, deñi bar işiñ,
heý, eneñ-eneñden bolarmy gürrüñ,
el-aman, ýaradan, bir medet bergin!
Medet ber, em iber, almasyn dertler,
az ahyr ozalam türkmende mertler,
içden iýip-iýip sary garynja,
ak öýümiz ýumurmasyn ýaranjañ,
ýel almasyn boýy ýeten daragtym,
el-aman, ýaradan, ýatyrma bagtym!
|
|
POWERED BY BLOGFA.COM |
|